Bilim ulgamyny ösdürmek — döwrüň aýdyň ýoly

519

6-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky taglymaty — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň ýoly» atly maslahat geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň geçen mejlisinde bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen maslahata uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Garaşsyz Watanymyzda toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmak, döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösdürmek, täzelenişe we ösüşe gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk wezipeleriň kesgitlenilendigini nygtadylar. Şonuň bilen baglanyşykly mejlisde bilimiň hiliniň we mazmunynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda üpjün edilmegi, okuw-terbiýeçilik işindäki öňdebaryjy tejribeler nazara alnyp, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi bilen baglanyşykly özgertmeler baradaky çykyşlara-da uly orun berildi. Hususan-da çykyş edenler ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işlerini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk alyp barmak, bilim — ylym — önümçilik arabaglanyşygynyň üznüksizligini ýola goýmak babatda ýerine ýetirilmeli işler dogrusynda aýratyn belläp geçdiler. Şu babatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreler, Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagyň möhüm ugurlary hem mümkinçilikleri hakyndaky gürrüňler hem örän netijeliligi bilen tapawutlandy.
Maslahat bilen ugurdaşlykda alym Arkadagymyzyň kitaplarynyň, amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklarynyň, ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş, sport we ylym pudaklarynda gazanylan üstünlikleriň sergisi guraldy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30