Himiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasy üstünliklere beslendi
765Şu ýylyň 14 — 17-nji noýabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky halkara derejesine eýe bolan iň abraýly we giň gerimli olimpiada dünýäniň 22 döwletiniň ýokary okuw mekdepleriniň 57-sinden 371, ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň 19-syndan 169, jemi 600-e golaý talyby bir ýerde jemledi.
Şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen halkara ders bäsleşiginiň şahsy görnüşine gatnaşyjylar iki derejede (A we B) olimpiada goşuldylar. A derejä himiýa hünärinde okaýan, B derejä bolsa başga hünärler boýunça bilim alýan talyplar gatnaşdylar.
Olimpiadanyň sylaglamak dabarasy hem ýokary ruhubelentlige beslenip, onda ilki bilen çykyşlara uly orun berildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň baýry ýokary okuw mekdebinde himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasynyň eýýäm ikinji gezek geçirilmegi ýurtda tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwretmek we bu ugurda halkara tejribesini ösdürmek babatda uly işleriň ýerine ýetirilýändigini äşgär edýär. Bu olimpiada, öz gezeginde, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň himiýa dersini özleşdirmek boýunça derejesini bahalandyrmakda, ýaşlaryň himiýa ylmyny öwrenmäge bolan höwesini artdyrmakda hem aýratyn orna eýedir.
Halkara ülňülerine laýyklykda, himiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyna ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden, ýagny Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinden, W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetinden, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kentukki uniwersitetinden, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berliniň Humbolt uniwersitetiniň Himiýa institutyndan, Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet uniwersitetinden, Azerbaýjan Respublikasynyň Baku döwlet uniwersitetinden wekiller eminlik etdiler.
Şeýlelikde, berlen ýumuşlaryň ýerine ýetirilişiniň bahalandyrylyşyna we emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, himiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasynyň ýeňijileri kesgitlenildi. Şoňa laýyklykda,
Şahsy görnüşde A dereje boýunça:
Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uniwersitetiniň talyplarynyň 5-si II orna, 16-sy III orna;
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň 3-si I orna, 4-si II orna, 4-si III orna;
Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan adaty uniwersitetiniň talyplarynyň 2-si II orna, 5-si III orna;
Russiýa Federasiýasynyň Şadrin döwlet pedagogik uniwersitetiniň talyplarynyň 3-si II orna, 4-si III orna;
Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň 2-si I orna, 3-si II orna, 1-i III orna;
Hytaý Halk Respublikasynyň Kaşgar uniwersitetiniň talyplarynyň 2-si II orna, 4-si III orna;
Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň 5-si I orna, 1-i II orna;
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň 1-i II orna, 4-i III orna;
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň 2-si II orna, 3-si III orna;
Gazagystan Respublikasynyň M.H.Dulati adyndaky Taraz sebit uniwersitetiniň talyplarynyň 3-si II orun, 2-si III orun;
Täjigistan Respublikasynyň Sadriddin Aýni adyndaky Täjigistan döwlet pedagogika uniwersitetiniň talyplarynyň 5-si III orna;
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň 1-i I orna, 3-si III orna;
Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň 1-i I orna, 1- i II orna, 1-i III orna mynasyp boldular.
Şahsy görnüşde B dereje boýunça:
Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uniwersitetiniň talyplarynyň 2-si I orna, 11-si II orna, 13-si III orna;
Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň 5-si II orna, 5-si III orna;
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň 3-si I orna, 2-si II orna, 3-si III orna;
Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan adaty uniwersitetiniň talyplarynyň 5-si I orna, 1-i II orna, 1-i III orna;
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň 2-si II orna, 4-si III orna;
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplarynyň 1-i I orna, 1-i II orna, 3-si III orna;
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarynyň 1-i I orna, 3-si II orna, 1-i III orna;
Russiýa Federasiýasynyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň Moskwa polat we splawlar institutynyň talyplarynyň 1-i I orna, 2-si II orna, 2-si III orna;
Hytaý Halk Respublikasynyň Hytaý nebit uniwersitetiniň talyplarynyň 1-i I orna, 2-si II orna, 2-si III orna;
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň 3-si I orna, 1-i III orna;
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň 2-si II orna, 2-si III orna;
Russiýa Federasiýasynyň Ural döwlet ykdysady uniwersitetiniň talyplarynyň 2-si II orna, 2-si III orna mynasyp boldular.
Toparlaýyn görnüşde A dereje boýunça:
215 utuk toplan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary I orna;
185 utuk toplan Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň, 160 utuk toplan Russiýa Federasiýasynyň Kazan (Wolga) federal uniwersitetiniň, 150 utuk toplan Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet uniwersitetiniň toparlary II orna;
30 utuk toplan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, 120 utuk toplan Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan adaty uniwersitetiniň, 115 utuk toplan Gazagystan Respublikasynyň M.H.Dulati adyndaky Taraz sebit uniwersitetiniň, 115 utuk toplan Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň toparlary III orna mynasyp boldular.
Toparlaýyn görnüşde B dereje boýunça:
184 utuk toplan Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan adaty uniwersitetiniň topary I orna;
139 utuk toplan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, 136 utuk toplan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, 133 utuk toplan Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uniwersitetiniň toparlary II orna;
127 utuk toplan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, 119 utuk toplan Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan oba hojalyk uniwersitetiniň, 113 utuk toplan Hytaý Halk Respublikasynyň Hytaý nebit uniwersitetiniň, Russiýa Federasiýasynyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň Moskwa polat we splawlar institutynyň toparlary III orna mynasyp boldular.
Olimpiadada toparlaýyn bäsleşigiň ýeňijileri degişli ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşýanlaryň ortaça gazanan bahalary boýunça netije çykarylyp kesgitlenildi. Ýeňijileriň doly sanawy bilen resmi web sahypamyzyň “Olimpiada – 2023” bölüminde tanyş bolup bilersiňiz.
Ýeňijiler I, II we III derejeli Diplomlar bilen sylaglandylar.
Şu gezekki olimpiadada hem uniwersitetimiziň talyplary himiýa dersi boýunça ukyp-başarnyklarynyň ýokary derejededigini subut edip, halkara ders bäsleşiginde öňdäki orunlary eýelediler.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde üstünlikli geçirilen himiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyna gatnaşan talyplar ders bäsleşiginiň ýokary derejede guralandygyny belläp, munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.