ÜMZÜGI ILERI ÝAŞ MATEMATIKLER
1415Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zehinli talyplary daşary ýurtlaryň birnäçesinde geçirilen halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, öňdäki orunlary eýelediler. Hususan-da, ýokary okuw mekdebimiziň ýaş matematikleri halkara olimpiadalarda ýokary netijeleri görkezip, ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler.
Goňşy ýurtdan 3 talyp 3 medal bilen dolandy
2023-nji ýylyň 23-29-njy oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Nukus şäherinde geçirilen Al-Horezmi adyndaky II halkara matematika olimpiadasynda (AKHIMO — 2023) Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary ýeňiji boldular. Halkara ders bäsleşiginde uniwersitetiň matematika fakultetiniň talyplary Röwşen Öwezmyradow 1-nji, Resul Şamuhammedow 2-nji, Serdar Ärsaryýew 3-nji orny eýeledi. Goňşy ýurtda bolan bäsleşige gatnaşmagy ýaş matematikleriň gözýetiminiň giňemegine, halkara meýdançada öz güýjüni synap görmegine ýakyndan ýardam berdi.
Polşadan 6 medal!
Şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen bäsleşige ýurdumyzdan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary bilen birlikde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary hem gatnaşyp, jemi 25 — 8 altyn, 11 kümüş, 6 bürünç medallary gazandylar.
Iňlis dilinde geçirilen bäsleşigiň şahsy görnüşinde talyplar mysallaryň 5-sini 4 sagatda çözmeli boldy. Toparlaýyn görnüşdäki tapgyrda toparlara çylşyrymly meseleleriň 10-sy hödürlenip, olary çözmäge-de şonça wagt berildi. Ildeşlerimiz bäsleşigiň iki görnüşinde-de üstünlikli çykyş etdiler.
Şeýlelikde, olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyplary Hydyrberdi Rejepow, Akmuhammet Akmyradow 1-nji, Resul Şamuhammedow 2-nji orny eýelediler. Şonuň ýaly-da, matematika fakultetiniň talyplary Serdar Ärsaryýew, Dessan Bazarow, Röwşen Öwezmyradow hem halkara ders bäsleşiginde 2-nji orna mynasyp boldular.
Şu günlerde ümzügi ileri matematiklerimiz 29-nji noýabr — 3-nji dekabr aralygynda RF-nyň Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersiteti tarapyndan 1 — 4-nji ýyl talyplaryň arasynda geçiriljek halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmak üçin taýýarlyk işlerini güýçli depginde alyp barýar. Biz hem zehinli ýaşlarymyza geljekde-de täze üstünlikleri arzuw edýäris!

20/06/2025
Ýaş žurnalistler üçin gollanma
18/06/2025
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
17/06/2025