“Arkadagyň ýörelgesi – nusgalyk görelde” atly ylmy işleriň bäsleşiginiň uniwersitet tapgyrynyň ýeňijileri kesgitlenildi

630

2023-nji ýylyň 23-nji oktýabryndan 20-nji noýabry aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Arkadagyň ýörelgesi – nusgalyk görelde” atly ylmy işleriň bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirildi.
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen bäsleşige gatnaşmak üçin fakultetlerden hödürlenen talyplaryň ylmy işleriniň 48-si hasaba alyndy.
Hasaba alnan ylmy işleriň wajyplygy, täzeligi, ähmiýeti barada awtorlaryň çykyşlary diňlenildi. Olara eminler topary, fakultetleriň dekanlarynyň ylmy işler boýunça orunbasarlary, degişli hünärmenler tarapyndan seljerme berildi.
Hödürlenen ylmy işleriň içinden Düzgünnama laýyklykda, eminler topary tarapyndan bäsleşigiň uniwersitet tapgyrynyň ýeňijileri hökmünde I, II, III orunlara mynasyp bolan talyplar saýlanylyp alyndy. Şoňa laýyklykda, hukuk fakultetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 5-nji ýyl talyby Baky Nurmuhammedow “Ýaşlaryň ahlak we hukuk medeniýetini ösdürmekde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly işi bilen 1-nji orny eýeledi. Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty hünärniň 5-nji ýyl talyby Göwher Gurbanowa “Türkmen edebiýatynda Meňliniň keşbi” atly işi bilen 2-nji, fizika fakultetiniň fizika hünäriniň 5-nji ýyl talyby Muhammet Ýakubow “Gahryman Arkadagymyzyň energetika diplomatiýasynda optimal modelirleme meseleleriniň çözülişi” atly işi bilen 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Şeýlelikde, hukuk fakultetiniň hukuk öwreniş hünäriniň 5-nji ýyl talyby Baky Nurmuhammedow “Ýaşlaryň ahlak we hukuk medeniýetini ösdürmekde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly işi bilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30