“Magtymguly, sözüm bilene sözdür...” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

1134

25-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen “Magtymguly, sözüm bilene sözdür...” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna öz okaýan ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen ýaryşlarda ýeňiji bolan talyplar gatnaşdylar.
Halkara Bitaraplyk güni hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen bäsleşikde oňa gatnaşan talyplar Magtymguly Pyragynyň bir goşgusyny hem-de talybyň özüniň ýa-da başga şahyryň täze taryhy eýýamymyzda alnyp barylýan beýik işleri wasp edýän bir goşgusyny ýatdan labyzly aýtmak bilen çykyş etdiler. Şertlerde şygryň sözleriniň dogry aýdylyşyna we manysynyň doly ýüze çykarylyşyna aýratyn üns berildi. Üçünji şertde talyplar akyldar şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly bir sowala gysga wagtyň içinde jogap berdiler.
Şeýlelikde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Göwher Gurbanowa döredijilik bäsleşiginde ýokary netije görkezip, ýeňiji boldy.
Döredijilik gözden geçirilişi bilen ugurdaşlykda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary we beýik söz ussadynyň edebi mirasyny bilen baglanyşykly türkmen alymlarynyň kitaplarynyň, monografiýalarynyň we talyplar tarapyndan taýýarlanan taslamalaryň sergisi guraldy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30