ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitlere bagyşlandy

658

22-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Türkmenistan – ÝUNESKO: bilim ulgamy durnukly ösüş ýolunda» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Ýurdumyzda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) doly hukukly agzasy hökmünde halkymyzyň medeni-ruhy mirasyny gorap saklamakda, ösdürmekde hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli işlere, ýetilen sepgitlere bagyşlanan dabara ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär Sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ýurdumyzyň ýokary bilim edaralaryndaky ÝUNESKO kafedralarynyňdyr klublarynyň, ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepler toruna girizilen umumybilim berýän orta mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarada çykyşlara uly orun berildi. Nygtalyşy ýaly, täze taryhy döwürde ýurdumyz bilen BMG-niň Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň arasynda özara gatnaşyklar netijeliligi bilen tapawutlanyp, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça şanly ýylymyzda hem örän uly işler ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesindäki ÝUNESKO kafedralarydyr klublary tarapyndan halkymyzyň maddy, ruhy-medeni gymmatlyklaryny dünýä gymmatlyklary bilen utgaşdyryp öwrenmek, ylmy derňewler geçirmek arkaly olary halkara jemgyýetçiliginiň nazaryna hödürlemek boýunça çäreler ýaýbaňlandyryldy. Şonuň bilen baglanyşykly çykyş edenler taryhy we medeni mirasy, däp-dessurlary içgin öwrenmek, gorap saklamak, ýurdumyzda we halkara derejesinde wagyz etmek, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim, tehnologik we maglumat merkezleri, ylmy-barlag edaralary we ýokary okuw mekdepleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugurly ýerine ýetirilen işlere üns çekdiler.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başyndan bäri BMG-niň bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň, «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi», «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalar, ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr», «Repetek» goraghanalarynyň we «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi hem çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Halkara düzüm bilen barha ilerledilýän hyzmatdaşlyk boýunça bolsa şu ýylda Bitarap ýurdumyz 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilendigi, paýtagtymyz Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 10-synyň ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky Halkara uniwersitetler bileleşigine girizilendigi, şu ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Maglumat tehnologiýalary institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Ýol kartasyna gol çekilendigi hem gürrüň edilen ugurlaryň hatarynda boldy. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň, onuň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bolsa 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy babatda hem buýsançly gürrüň edilip, bu babatda guramanyň bilermenleriniň türkmeniň akyldar şahyrynyň eserlerinde raýdaşlyk, jebislik, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, ahlaklylyk we deňlik ýaly garaýyşlaryň agdyklyk edýändigini nygtaýandyklary, olaryň ÝUNESKO-nyň öňe sürýän ýörelgeleri bilen kybapdaşdygyna aýratyn üns çekýändikleri aýdyldy.
Söz sözlänler BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtamak bilen, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyny giňeltmek işleri yzygiderli dowam etdirilip, häzirki wagtda oňa «Türkmen alabaý itlerini ýetişdirmek sungaty», «Türkmen keçe sungaty», «Türkmen demirçilik senedi», «Türkmen tazysy we elguşy», «Türkmen milli göreşi», «Türkmenleriň ýerasty kärizleri we mirapçylyk däpleri» ýaly hödürnamalaryň teklip edilýändigi barada hem belläp geçdiler.
Dabara bilen ugurdaşlykda uniwersitetiň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi hem bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrdy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine, milli gymmatlyklarymyzyň nusgalaryna, taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň taslamalaryna giň orun berildi. Ýokary okuw mekdebiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylar toparynyň, aýdymçydyr tansçylarynyň ýerine ýetiren köpöwüşginli çykyşlary hem çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Dabaranyň ahyrynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň adyndan ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň işjeň agzalaryna Hormat hatlary gowşuryldy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30