BEÝIK DÖWRÜŇ ÝAŞ WASPÇYLARY

1061

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de wagyz etmek maksadyndan ugur alnyp yglan edilen «Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Döredijilik bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary hem ýeňiji boldular.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ýaşlaryna ähli ugurlarda ukyp-başarnyklaryny görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi. «Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşigi hem ýaşlary döredijilige höweslendirmek, olaryň zehinini açmak maksady bilen guraldy. Düzgünnama laýyklykda, ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan 35 ýaşa çenli bolan ýaşlary, ýaş žurnalistler, pudak edaralarynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary, mekdep okuwçylary bäsleşige işjeň gatnaşdylar. Şunlukda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda durmuşa geçirilen beýik işleriň, ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen desgalaryň, hemişelik Bitaraplygymyzyň döwletimiziň içeri we daşary syýasatyndaky ornuny, türkmen ýaşlarynyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda, halkara giňişliginde gazanýan üstünliklerini anyk mysallar arkaly publisistik äheňde açyp görkezýän žurnalistik eserleriň jemi 100-e golaýy hasaba alyndy. Eminler toparynyň agzalary bäsleşige hödürlenen eserleri içgin seljermek bilen, zähmet adamlary, jemgyýetiň öňdebaryjylary hakyndaky oçerkleriň, aýratyn ugurlar boýunça taýýarlanylan söhbetdeşlikleriň, makalalaryň täsirliligine, maglumatlara baýlygyna, diliniň çeperçiligine we şireliligine, many-mazmunyna baha berdiler. Olaryň arasyndan iň mynasyplary bolsa bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde kesgitlenildi.
Netijede, eminler topary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyplary Toýly Muhammetdurdyýewi, Batyr Kuliýewi, türkmen dili we edebiýaty hünäriniň talyby Allanur Çaryýewi hem «Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri diýip yglan etdi.
Ýeňijiler guraýjylar tarapyndan Hormat hatlardyr gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30