«Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň agzalary onlaýn okuw-usuly maslahata gatnaşdylar
51525-nji dekabrda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýokary okuw mekdebiniň «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda «Ýaş nesle ýokary hilli ekologik bilim-terbiýe bermek we olaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek döwrümiziň möhüm wezipesidir» atly onlaýn okuw-usuly maslahat geçirildi. Oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň hünärmenleri we agzalary hem gatnaşdylar.
Maslahatda ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bilim institutynyň hünärmenleri çykyş edip, ýaşlaryň ekologik bilimini artdyrmagyň, olaryň ekologik medeniýetini kämilleşdirmegiň usulyýeti barada gürrüň etdiler. Hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty, ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri Bike Diwangulyýewanyň «Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynda ekologik düşünjeler” atly tema boýunça çykyşynda alym Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde adam we daşky gurşaw baradaky pikir-garaýyşlaryň giň toplumynyň, rowaýatdyr tymsallaryň orun alyp, olaryň ýaşlaryň ekologiýany aýawly saklamaga bolan höwesini, söýgüsini ýokarlandyrmakda örän ähmiýetlidigi nygtaldy. Uniwersitetiň gidrometerologiýa kafedrasynyň müdiri, geografiýa ylymlarynyň kandidaty Gapurjan Hamraýew hem «Ekologiýany öwrenmegiň esasy usullary» atly çykyşynda ylmyň bu ugruny içgin öwrenmek hem-de ony ýaşlara öwretmek boýunça tejribelerini paýlaşdy.