Talybymyz Gülnar Geldimyradowa “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji boldy

1305

27-nji dekabrda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp, ýokary ruhy göteriliş ýagdaýynda geçirilen giň wekilçilikli halkara forumyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda ilkinji gezek yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy-da uly şatlyk-şowhuna beslendi.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen geçirilen döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň 16 — 35 ýaş aralygynda bolan raýatlary ussadyň edebi mirasyny, paýhas hazynasyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işlere bagyşlanan goşgulary, makalalary, hekaýalary, gazet-žurnallaryň, kitaplaryň bezeg işlerini, aýdym-sazlary, heýkel, keramika, nakgaş, grafika eserleri, haly we haly önümleri, pýesalary, wideogörnüşleri, dokumental we çeper-publisistik filmleri bilen gatnaşdylar. Munuň özi döredijilik dünýäsiniň iň gowy eserlerini saýlap-seçmekde-de uly ähmiýete eýedir. Şulardan görnüşi ýaly, bäsleşik ýüregi ylhamly, galamy ötgür, sesi owazly zehinleriň — şahyrlaryňdyr ýazyjylaryň, fotosuratçylaryňdyr teleradio işgärleriniň, žurnalistleriň, suratkeşlerdir nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň, arhitektorlaryň, taslamaçylaryň, bezegçileriň, halyçylaryň, kompozitorlaryňdyr aýdymçylaryň hakyky döredijilik meýdançasyna öwrüldi.
Magtymguly Pyragy, hakykatdan-da, ylham çeşmesi. Onuň döredijiligi indi üç asyra golaý wagt bäri döredijilik ynsanlary üçin gönezlik, gözbaş hem salgylanylýan mekdep bolup gelýär. Şahyr ýürekli Arkadagymyz hem “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygry bilen akyldar şahyrymyzy täze edebi belentlige göterip, döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimizi, hususan-da, ýaşlarymyzy ylhamlandyrdy. Yglan edilen gününden bäri gazet-žurnallarda täze döredijilik bäsleşiginiň nyşanynyň astynda ildeşlerimize ýetirilen edebi hem žurnalistik eserleriň her biri öz sözüne, öz ýüzüne eýedigi, akyldar şahyrymyz we onuň edebi mirasy hakda täze pikirlere, maglumatlara baýlygy bilen tapawutlandy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, döredijilik bäsleşiginiň edebi eserler ugry boýunça ýeňijisi Gülnar Geldimyradowa:
— Dünýäniň pynhanlyklaryny aýan edýän gudratly güýç, megerem, söz bilen saz bolmaly. Sözüň güýjüne ynanyp, döredijiligiň bu ugruna ykbalymy baglamagym meni hemişe arzyly maksatlara ýetirdi. Bäsleşikde akyldar şahyrymyza bagyşlap döreden şygyr toplumym, şol sanda «Magtymguly Pyraga hyýaly ýüzlenme» goşgym bilen gatnaşyp, ýeňijileriň hatarynda orun almagym göwnümi has-da ganatlandyrdy. Her bir pursady türkmen ýaşlaryny belent maksatlara ruhlandyran beýik işlere, taryhy wakalara beslenen şanly ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmagym täze döredijilik üstünliklerine ýol açdy. Munuň üçin ähli tagallalary edýän, döredijilikde Baş Halypamyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri zyýada, tutumly işleri rowaç, janlary sag bolsun! — diýip, başyny göge ýetiren waka bilen baglanyşykly buýsançly duýgularyny biziň bilen paýlaşdy.
Umuman, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda joşgunly ylhamy möwç urýan juwan ýürekleri täze eserleri döretmäge has-da höweslendirip, netijeliligi bilen tapawutlandy. Geljekde-de hezreti Magtymguludan ylham alyp, täze eserleri döredýän we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolýan tereň pikirli, zereň zehinli, sylagly-sarpaly, döredijilikde kerwenbaşy ýaşlarymyzyň arzyly kerweniniň yzynyň güreljekdigine berk ynanýarys.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30