Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek boýunça ylmy-döredijilik duşuşygy geçirildi

587

10-njy ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ýokary okuw mekdebiniň ylym bölüminiň, türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň, ilkinji ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Magtymgulynyň edebi mirasy halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň ylham çeşmesidir» atly ylmy-döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, ylmy işgärleri gatnaşdylar.
Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň taryhy ähmiýetini nygtamak bilen, 2024-nji ýylyň bu şahyra eser bilen adybir atlandyrylmagynyň taryhy ähmiýetini belläp geçdiler. Bellenilişi ýaly, Şahyryň döredijilik dünýäsinde ynsan mertebesini belent tutmak, ynsanyň jemgyýet we tebigat bilen sazlaşygy ýaly meselelere uly orun berilýär. Kalby päklik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk we dogrusözlülik ýaly halkymyza mahsus bolan ajaýyp häsiýetleri nesillere ýetirmekde söz ussadynyň edebi mirasynyň uly ähmiýeti bardyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýaşlara Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
Şonuň ýaly-da, çykyşlaryň çäginde şahyryň edebi mirasynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşulýandygy aýratyn bellenilip geçildi. Bu barada çykyş edenler TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilendigini, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigini, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygyny buýsanç bilen aýtdylar. Şonuň ýaly-da, çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň dünýä dillerine terjime edilişi we olary terjime etmegiň usulyýeti barada gürrüňler edildi.
Beýik türkmen şahyrynyň eserleri boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň çeper okaýyşlary duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30