Ekologiýa kafedrasynyň mugallymlary «GEOCLIC» taslamasynyň onlaýn sapaklaryna gatnaşdylar

555

8 — 12-nji ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+» maksatnamasynyň çäginde «Kenarýaka ekoulgamlarynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin geogiňişlik inženeriýasy boýunça täze okuwlar» (GEOCLIC) atly taslamasynyň baş koordinatory Gazagystan Respublikasynyň Al-Faraby adyndaky Milli uniwersitetiniň guramagynda hyzmatdaşlyk edýän ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, gyşky okuw sapaklary we taslamanyň jemleýji maslahaty geçirildi. Onlaýn maslahata ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän degişli taslamanyň ýerli koordinatorlary we işçi toparlarynyň agzalary gatnaşdylar.
Onlaýn okuw sapaklaryna uniwersitetimiziň ekologiýa kafedrasynyň mugallymlary işjeň gatnaşdylar. Olar daşky gurşawa monitoring geçirmekde, ekoulgamlara gözegçilik etmekde dünýä ýüzünde peýdalanylýan dürli tehnologiýalar bilen tanyşdylar. «GEOCLIC» taslamasynyň tamamlanmagy bilen baglanyşykly 2021 — 2023-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde durmuşa geçirilen özgertmeler, şeýle hem gazanylan netijeler barada taslamanyň ýerli koordinatory, ekologiýa kafedrasynyň müdiri Ş.Aşyrmyradowa we işçi toparyň agzalary çykyş etdiler. Onlaýn okuw sapaklary geografiýa fakultetinde täze döredilen «GEOCOF» tejribe otagynda geçirildi.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30