Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy taýdan öwrenilýär
97122-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, talyplarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy türkmen we dünýä edebiýatynyň genji-hazynasydyr» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýol kartasyna laýyklykda guralan giň gerimli maslahata işjeň häsiýet mahsus boldy. Ylmy-döredijilik maslahaty öz işini umumy mejlisde, «Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň şahsyýeti we taryhy ähmiýeti hakynda», «Magtymguly Pyragy – beýik ynsanperwer şahyr», «Magtymgulynyň şygyrlarynda umumadamzat derejede ykrar edilen edebi we sungat gymmatlyklarynyň teswiri» atly bölümleriň 3-sinde geçirilip, olarda 200-e golaý ylmy çykyşlar diňlenildi.
Maslahatda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, onuň türkmen we dünýä ylmyndaky orny, şahyryň agzybirlik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik baradaky halkara ähmiýetli edebi mirasyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmekde we dünýä ýaýmakda gazanylan netijeler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Häzirki zaman türkmen jemgyýetinde şahyryň edebi mirasyny köptaraplaýyn öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynyň hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şahyrana eseriniň uly ähmiýete eýedigi çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Maslahat bilen ugurdaşlykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň, Magtymguly Pyragynyň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylarynyň, beýik akyldaryň döredijilik dünýäsini öwrenmekde türkmen alymlary tarapyndan ýazylan monografiýalaryň, kitaplaryň, gollanmalaryň, ylmy makalalaryň, ylmy maslahatlaryň nutuklarynyň ýygyndylarynyň we talyplaryň ylmy-taslama işleriniň sergisi guraldy.