Türkmen dili kafedrasynyň hepdeligi dowam edýär
1926Şu günler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen dili kafedrasynyň hepdeligi dowam edýär. 12 — 17-nji fewral aralygynda geçirilýän giň gerimli çäre «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly we akyldar şahyryň doglan 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» diýlip atlandyryldy. Oňa ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşýarlar.
Köpöwüşginli hepdeligiň çäklerinde türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny, ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän bilim syýasatyny, Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň many-mazmunyny, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly neşir önümlerini, ylmy-taslama işlerini, türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň üstünliklerini özünde şöhlelendirýän sergi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.
Okuw dersleri boýunça görkezme çykyşlary, çeper okaýyşlar, açyk sapaklar, ylmy-amaly maslahatlar, okuw gezelençleri we döredijilik duşuşyklary hem hepdeligiň dowamynda göz öňünde tutulýan çäreleriň hatarynda orun alýar. «Magtymgulynyň keşbiniň ýa-da goşgularynyň suratlandyrylyşy» atly surat çekmek, «Sözlär bolsaň, söz aslyna ýet ýagşy» atly makala we «Magtymguly aýdar sözlerim hakdyr» atly diktant ýazmak ýaly bäsleşikler, ders olimpiadasy hem talyplaryň öz ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin amatly meýdança öwrüler. Magtymguly Pyragy hakda rowaýatlary sahnalaşdyrmak, akyldar şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary tanamak, türkmen milli tagamlaryny taýýarlamak boýunça hem-de paýhas we hünär bäsleşikleri-de hepdelige gatnaşýanlary biparh goýmasa gerek.