Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen edebiýaty kafedrasynyň hepdeliginde öz beýanyny tapýar
101519 — 24-nji fewral aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen edebiýaty kafedrasynyň «Magtymguly we türkmen edebiýaty» atly hepdeligi geçirilýär. Oňa ugurdaş kafedralaryň mugallymlary hem-de talyplary işjeň gatnaşýarlar.
Hepdeligiň açylyş dabarasy köpöwüşginli çykyşlara beslendi. Talyplaryň Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmegi bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlady.
«Türkmen edebiýatynyň taryhy», «Goňşy halklaryň edebiýaty», «G.Ezizowyň şygryýetiniň giňişlik poetikasy» derslerinden guralýan açyk umumy sapaklar hem ylmy-öwrenijilik ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. « Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp...», « Edebiýaty öwrenmekde dünýä tejribesi » ady bilen geçirilýän ylmy-amaly maslahatlarda häzirki zaman edebiýaty öwreniş ylmynda gazanylan netijelere syn berler.
Okuw dersleri boýunça olimpiadalar, makala ýazmak, taslama işlerini taýýarlamak, logotipleri ýasamak bäsleşikleri hem talyplarda uly gyzyklanma döredýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna, ol hakda rowaýatlara salgylanyp sahnalaşdyrylan görkezme çykyşlary, talyp durmuşyndan gülküli degişme sahnalary janlandyrmak boýunça bäsleşikler hem hepdeligiň dowamynda geçiriljek çäreleriň hatarynda orun alýar. Şonuň ýaly-da, talyplaryň gatnaşmagynda halypa-ýazyjy şahyrlar bilen duşuşyklar, medeni merkezlere gezelençler hem aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Bäsleşikdir olimpiadalarda ýeňiji bolanlary we geçirilen çärelere işjeň gatnaşanlary sylaglamak hepdeligiň ýapylyş dabarasynyň esasyny düzer.