Žurnalistika kafedrasynyň hepdeligi many-mazmuna baý boldy
692Şu ýylyň 26-njy fewraly — 2-nji marty aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde žurnalistika kafedrasynyň «Beýik ösüşler — ýaş žurnalistleriň ylhamy» atly hepdeligi geçirildi. Täze taryhy döwürde milli žurnalistikamyzyň ýeten sepgitlerini, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň taryhy ýoluny, žurnalistika hünärinden bilim alýan ýaşlaryň gazanan üstünliklerini özünde şöhlelendirýän hepdelik işjeň häsiýete eýe boldy.
Žurnalistika kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasynda bu ugurdan bilim alýan ýaşlar many-mazmunly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Kafedranyň professor-mugallymlarynyň «Magtymguly Pyragy — türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň çyragy», «Döwürleýin metbugat neşirlerinde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly syýasatynyň beýany» atly temalardan açyk umumy sapaklary hem talyplarda uly gyzyklanma döretdi.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti boýunça geçirilen makala ýazmak bäsleşigi akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. «Ýyllyk işlerini ýazmakda Magtymgulynyň döredijiligine salgylanmak» atly maslahat sapagy hem örän netijeliligi bilen tapawutlandy. Magtymguly hakda rowaýatlar esasynda teatrlaşdyrylan sahna oýunlaryny, çeper okaýyşlary taýýarlamak boýunça bäsleşik talyplaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam berdi. Ýurdumyzyň tejribeli žurnalistleri bilen guralan duşuşyklar talyplaryň hünär ugry boýunça gözýetimlerini giňeltmekde ähmiýetli boldy.
Žurnalistika kafedrasynyň «Beýik ösüşler — ýaş žurnalistleriň ylhamy» atly hepdeliginiň ýapylyş dabarasynda giň gerimli çärä işjeň gatnaşan professor-mugallymlara, talyplara Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.