TDU-da «Türkmen uniwersiteti» diwar gazeti talyplarda uly gyzyklanma döredýär

744

Ýurdumyzda meşhurlyga eýe bolan ençeme şahyrlaryň, ýazyjylaryň, žurnalistleriň döredijilikdäki ilkinji ädimleriniň diwar gazetlerinden başlanandygy hemmämize mälim. Şu günki günde hem umumybilim berýän, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerindäki diwar gazetleriniň öwredijilik, terbiýeleýjilik täsirlerini, ýaş zehinleri açmak we ösdürmek babatdaky ähmiýetini has-da artdyrmak, giňeltmek barada maksatlaýyn işler amala aşyrylýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Türkmen uniwersiteti» diwar gazetiniň hem bu ugurdaky işlerde öz mynasyp orny bar. Golaýda diwar gazetiniň täze sany ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna gowuşdy.
«Türkmen uniwersiteti» diwar gazetiniň täze sany «Şanly ýylymyz täze üstünliklere ruhlandyrýar» atly baş makala bilen açylýar. Onda ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň geçen ýylda gazanan üstünliklerine, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ähmiýetine üns çekilýär. Ýokary okuw mekdebinde geçirilen dürli medeni-köpçülikleýin çäreler, wakalar barada taýýarlanan habarlar hem özboluşly häsiýete eýe bolupdyr. «Ýaşlara goldaw hem gollanma» atly makalada hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ylym-bilim işindäki ähmiýeti hakda söhbet edilýär. «Žurnalistikadan söhbet açyp» rubrikasynyň astynda «Gaýratlynyň käri» atly makalada halypa žurnalist Muhammetberdi Annageldiýewiň ýaş žurnalistlere halypalyk maslahatlary öz beýanyny tapýar. Ýokary okuw mekdebiniň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, türkmen zenanlarynyň taryhdaky orny, tehnologiýa hem hyzmatlar ulgamyndaky täzelikler barada taýýarlan makalalar hem many-mazmuna baýlygy bilen tapawutlanýar. «Talyp kalbynyň joşguny» sahypasynda uniwersitetiň çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň goşgulary ýerleşdirilipdir. Halkara zenan gününe bagyşlanan sahypada talyplaryň ýandepderçesinden bellikler, täsin maglumatlar okyjylarda uly gyzyklanma döredýär.
Ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde žurnalistika hünärinden bilim alýan talyplaryň amala tejribeleriniň artmagy, hünär başarnygynyň ýokarlanmagy, talyplaryň žurnalistika hünärine girişmegi, hünär endiklerini doly ele almagy üçin-de ýokary okuw mekdebinde hereket edýän «Türkmen uniwersiteti» diwar gazetiniň hem aýratyn ähmiýeti bardyr. Ýagny bu diwar gazeti talyplaryň metbugat žurnalistikasynyň hünär aýratynlyklaryny öwrenmegi üçin amatly mümkinçilik berýär. Ýaş žurnalistleriň döredijilikdäki ilkinji ädimleri hut şu diwar gazetinde ädilýär. «Türkmen uniwersiteti» diwar gazetinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bagtyýar talyplary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, watandaşlarymyzyň joşgunly zähmetini wasp edýärler.
Gazet-žurnallaryň işine girişmekde, ýagny talyplaryň redaksiýa toparyny düzmek arkaly hünär endiklerini, jogapkärçiliklerini öwretmekde, edebi redaktirleme boýunça tejribe toplamakda, makaladyr oçerkleri ýazmagyň usullaryny kämilleşdirmekde žurnalistika hünärinden bilim alýan talyplara «Türkmen uniwersiteti» diwar gazeti uly tejribe meýdançasy bolup hyzmat edýär. Diwar gazetini taýýarlamaga talyplaryň redaksion topary işjeň gatnaşýarlar. Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryna kämil erk edýän talyplar diwar gazetiniň elektron nusgasyny taýýarlamak, bezemek, makaladyr fotosuratlary taýýarlamak işlerine hem döredijilikli çemeleşýärler. Munuň özi türkmen žurnalistikasynyň milli mekdebinde, ýagny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünärinde ýokary hünär bilimli žurnalistleriň täze nesliniň kemala gelmegi ugrunda uly işleriň bitirilýändigini görkezýär.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30