«OMOUS — 2024»-den 57 medal!

1783

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen IV Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS — 2024) jemi jemlendi. Birnäçe günläp dowam eden olimpiadada Bolgariýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Saud Arabystanynyň, Ispaniýanyň, Indoneziýanyň we Özbegistanyň jemi 25-den gowrak ýokary okuw mekdebinden 110-dan agdyk, ýurdumyzdan bolsa 400-e golaý talyp üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezmegi başardylar. Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary hem giň wekilçilikli ders bäsleşigine işjeň gatnaşdylar.
Olimpiada ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirildi. Oňa gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary ýekebara görnüşde 5 altyn, 19 kümüş, 26 bürünç medala eýe boldular. Olaryň toparlaýyn görnüşdäki görkezijisi 1 altyn, 3 kümüş, 3 bürünç medala deň boldy. Uniwersitetiň medallar gaznasyny jemi 57 sany medal bilen baýlaşdyran ýeňijileriň hatarynda matematika, amaly matematika we informatika, radiofizika we elektronika, fizika, türkmen dili hünärleriniň talyplary bar.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30