Mekdep okuwçylarynyň arasynda döredijilik we çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi

670

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň X-XI synp okuwçylarynyň arasynda «Magtymguly, öwüt bardyr sözümde» atly döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Döredijilik we çeper okaýyş bäsleşigi ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat, Arkadag şäherleriniň her birinden gelen mekdep okuwçylarynyň 3-sini, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüniň we Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň her birinden 1 okuwçyny bir ýerde jemledi. Olar bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Magtymguly, Arheologiýa we etnografiýa, Zoologiýa muzeýlerine gezelençler guraldy.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, okuwçylaryň her biri Magtymguly Pyragynyň bir goşgusyny hem-de özüniň Magtymguly Pyragy barada ýazan bir goşgusyny ýatdan labyzly aýtdylar. Bije çekmek arkaly Magtymguly Pyragynyň terjimehalyna we edebi mirasyna degişli bir soraga bir minudyň dowamynda pikirlenip, dogry jogap bermek ikinji şertde ýerine ýetirildi. Okuwçynyň goşgyny ýatdan aýtmagyna degişli talaplara hem üns çekildi. Bäsleşige gatnaşýan okuwçylar öz çykyşlarynda sahnalaşdyrylan görnüşleri ýa-da wideoşekilleri hem görkezdiler.
Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, döredijilik we çeper okaýyş bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşikde işjeň çykyş eden we ýeňiji bolan okuwçylara Hormat hatlary we Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30