Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasy ruhubelentlige beslendi
1013Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly we Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz güni mynasybetli «Zemin täzelenýär, açylýar güller, Nowruzy wasp edip saýraýar diller» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
«Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylarynyň, dutarçy bagşy-sazandalarynyň, «Diýar» tansçylar toparynyň ýerine ýetiren çykyşlary baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Nowruzy wasp edýän, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar aýratyn joşgun bilen garşylandy.
Baýramçylyk dabarasynda talyplar gyzlaryň läleleriň, monjugatdylary, oglanlaryň bolsa türkmen milli oýunlaryny ýerine ýetirmegi halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamyndan biziň günlerimiz gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň, ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde we millilik ýörelgelerimize ygrarly bolmagynda uly orna eýe bolýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Nowruz baýramy bilen baglanyşykly milli tagamlaryň taýýarlanylmagy we däp-dessurlaryň, urp-adatlaryň ýerine ýetirilmegi oňa gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.