Türkmen talyplary Ženewadaky halkara çärelere gatnaşdylar
676Şu ýylyň 13-14-nji marty aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (UNECE) howandarlygynda Durnukly ösüş boýunça sebitleýin forum geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň düzüminde Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby J.Gurbanmyradow we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby A.Rasulowa hem gatnaşdylar.
13-nji martda giň wekilçilikli forumyň çäklerinde Ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara pikir alşyldy. Onuň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça 2030-njy ýyla çenli göz öňünde tutulan wezipeleriň ýurdumyzda üstünliklere beslenýändigine üns çekildi.
14-nji martda türkmen wekiliýeti bilen Halkara Migrasiýa Guramasynyň hem-de Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklar boldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça gazanylan baý tejribä ýokary baha berdiler.
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasynyň guramagynda «Ýaşlary Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge çekmek: bütindünýä we milli syýasy çagyryşlar» atly utgaşdyryjy çäre geçirildi. Onuň dowamynda täze taryhy döwürde Türkmenistanda ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak, olary durmuş taýdan goramak boýunça tutumly işleriň dowam edýändigi nygtaldy. BMG-niň wekilhanalarynyň we dürli döwletleriň akkreditlenen diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleriniň gatnaşmagynda örän netijeli häsiýetde geçirilen çäräniň dowamynda Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri J.Gurbanmyradow we A.Rasulowa çykyş etdiler. Olar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde türkmen ýaşlarynyň orny we olaryň üstünlikleri barada gürrüň berdiler.
Türkmen talyplary döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda hem çykyş etdiler. Olar bu syýasy-filosofik, dokumental eserde ýurdumyzyň we dünýäniň röwşen geljegini kemala getirmekde ýaşlaryň ornunyň giňişleýin beýan edilýändigine üns çekdiler. Çärä gatnaşanlar öz ýurtlarynyň tejribesini-de paýlaşdylar, sebitde bu ugurda özara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça pikir alyşdylar. Türkmen talyplary bu babatda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-nji — 2030-njy ýyllar üçin strategiýasynyň» uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.