Iňlis dili dersi boýunça onlaýn ylmy-maslahat Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge bagyşlandy

603

19-njy martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň iňlis dili hepdeliginiň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň şygyrlary – dünýä halklarynyň ruhy-edebi baýlygy» ady bilen onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa fakultetiň ýaş mugallymlarydyr talyplary bilen bir hatarda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda «Aleksandr Hodzkonyň işlerinde Magtymguly Pyragy barada», «Sapagy nädip täsirli guramaly?», «Iňlis we türkmen dillerinde “Bilim” düşünjesiniň ulanylyş aýratynlyklary», «Magtymguly Pyragy baradaky rowaýatlary terjime etmegiň ýollary», «Iňlis dilini baýlaşdyrmakda Magtymgulynyň şygyrlarynyň güýji», «Magtymgulynyň şygyrlarynyň dil aýratynlyklary», «Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda zenan gözelliginiň waspy», «Dil sapaklaryna Magtymgulynyň şygyrlaryny utgaşdyrmak» atly temalar boýunça çykyşlara giň orun berildi. Olarda Magtymgulynyň eserleriniň iňlis diline terjime edilişiniň aýratynlyklary, iňlis dilini öwretmegiň täsirli usullary öz beýanyny tapdy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30