Žurnalistika hünäriniň talyplaryna kanadaly professor sapak berdi

538

27-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Kanadanyň «Montreal HEC» uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy fakultetiniň professory Jawad Mottaghiniň žurnalistika hünärinden bilim alýan ýaşlar bilen duşuşygy boldy. Açyk sapak görnüşinde geçirilen duşuşyk «Media menejerleriň öňünde durýan möhüm wezipeler» atly tema bagyşlandy.
Mälim bolşy ýaly, filosofiýa ylymlarynyň doktory, dünýä belli žurnalist Jawad Mottaghi halkara media giňişliginde uly abraýa eýe Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň baş sekretary wezipesini 13 ýyllap ýerine ýetirdi. Teleradio ulgamynda 40 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan žurnalist ençeme halkara baýraklaryň eýesidir. Ol köpçülikleýin habar serişdeleri ulgamynda birnäçe akademiki guramalaryň hem agzasydyr. Zehinli žurnalist dürli ýyllarda Aziýa — Ýuwaş ummany sebiti, Ýewropa, Demirgazyk Amerika, Afrika we Arap ýurtlarynyň teleradio kompaniýalary bilen-de ýakyn gatnaşyk saklady. Dürli mazmunly teleradio gepleşikleri, reportažlary taýýarlap meşhurlyk gazandy.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Jawad Mottaghiniň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden bilim alýan ýaş žurnalistler bilen geçirilen duşuşygy hem örän netijeli häsiýete eýe boldy. Onuň dowamynda halkara derejesinde ussat žurnalist hökmünde tanalan myhmanyň açyk sapagy talyplarda uly täsir galdyrdy.
Iňlis dilinde alnyp barlan sapagyň dowamynda degişli tema boýunça suratlar, tablisalar, kesgitlemeler görkezildi we düşündirildi. Olaryň üsti bilen professor öz bilim berýän ýokary okuw mekdebiniň taryhy, alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Iş tejribesi hakda gürrüň berdi. Esasy bölümlere geçmek bilen, mediany ösdürmekde häzirki zaman talaplar, oňa sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti, radio diňleýjileriň, tele tomaşaçylaryň, jemgyýetçilik torlaryny ulanyjylaryň habara bolan islegini kanagatlandyrmakda žurnalistleriň öňünde durýan möhüm wezipeler barada durlup geçildi. Tejribeli žurnalistiň sanly we adaty media ulgamlarynyň geljegi hakda deňeşdirmeleri, ylmy gözlegleri hem talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Mediada emeli aňyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen baglanyşykly dünýä tejribesiniň gazananlary hem-de onuň ähmiýeti hem örän ýerlikli boldy. Professor žurnalistiň umumy ykrar edilen ahlak kadalaryna, hünär etikasyna jogapkärçilikli çemeleşmek bilen iş alyp barmalydygy, jemgyýetiň ynamyny gazanmalydygy hakda aýdanlary-da ýörite taýýarlanan fotosuratlar bilen has aýdyň açylyp görkezildi. Şeýle hem ol ýaş žurnalistlere kämil hünärmen bolup ýetişmekde öz iş tejribesinden ugur alyp dürli maslahatlary berdi. Türkmen talyplary daşary ýurtly myhmana degişli mowzukda birnäçe sowallar bilen ýüzlendiler. Sowal-jogaplar jemgyýetçilik torlarynyň öwrenijilik, bilim berijilik ähmiýetini artdyrmagyň, sanly hem adaty media platformalaryň täsirliligini ýokarlandyrmagyň geljekki ýollary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde döredijilik toparlaryny emele getirmek, jemagatyň isleglerini öwrenmek, maglumatlar äleminde ynamdar çeşmeleri tapmak, emeli aňyň žurnalistika ornaşdyrylmagyndaky täzelikler bilen baglanyşykly boldy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30