Sport baýramçylygy Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy
399Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Sagdyn bedende – sagdyn ruh» atly baýramçylyk sport dabarasy geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik işlerini alnyp baryldy. Sport maşklary ýerine ýetirildi, welosipedli ýöriş geçirildi.
Şonuň ýaly-da, çärede ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşdylar. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçydyr sazandalarynyň, tansçylarynyň şowhunly çykyşlary hem dabara özboluşly äheň berdi.
Sport baýramçylygy fakultetara sportuň woleýbol, basketbol, futbol, küşt, şaşka, düzzüm, stol tennisi, tennis, tanap çekmek, tigir sürmek, ýeňil atletika, göreş, agyr daş götermek görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar we görkezme çykyşlary, ýaglyga towusmak ýaly milli oýunlar bilen utgaşdy.