Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

1583

Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, alymlar, syýasy partiýalaryňdyr jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar.
Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan tanyşdyrylyş çäresinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak babatda amala aşyrýan beýik işleriniň çeper waspy öz beýanyny tapdy. Soňra çykyşlara giň orun berildi. Nygtalyşy ýaly, «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitapda ajaýyp pikir-garaýyşlaryň taryhy ýazuw çeşmeleri, arheologiýa, etnografiýa, edebiýat, paleografiýa, geografiýa ýaly ylymlaryň maglumatlarynyň halk hakydasynda orun alan rowaýatlardyr tymsallar bilen utgaşdyrylyp beýan edilmegi eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň şöhratly taryhy baradaky çuňňur biliminden, giň gözýetiminden, ýiti zehininden habar berýär.
Şeýle-de çykyşlarda üç dildäki ylmy-populýar, syýasy-dokumental eseriň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän köpugurly çäreleriň öňüsyrasynda neşir edilmeginiň dünýä jemgyýetçiligini bu ugurdaky taryhy maglumatlardyr häzirki döwürde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyrmakda täze mümkinçilikleri açandygyna üns çekildi. Söz sözlänler kitabyň sahypalarynda Änew medeniýetine degişli taryhy ýadygärlikleri, olarda alnyp barlan gazuw-agtaryş işlerini, ýüze çykarylan tapyndylary beýan edýän fotosuratlaryň ýerleşdirilmeginiň onuň täsirliligini has-da artdyrýandygyny bellediler. Şeýle hem eseriň ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly orna eýe boljakdygy barada hem anyk mysallar arkaly gürrüň edildi.
— Änew medeniýetiniň täze taryhy döwürde täzeden galkynmagy köp müňýyllyk şöhratly geçmişimize, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza uly sarpa goýulýandygyndan nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eseri hem bu ugurda tutumly we örän netijeli ylmy işleriň biridir. Täze kitapda Diýarymyzyň baý taryhy-medeni mirasynyň goralyp saklanmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalary barada-da durlup geçilýär. Şunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen birlikde, ýokary okuw mekdeplerine-de uly orun degişlidir. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dürli ýyllarda zähmet çeken professor-mugallymlar, alymlar hem bu medeniýetiň öwrenilmegine saldamly goşant goşdular. Häzirki wagtda hem uniwersitetde hereket edýän «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň agzalarynyň we taryh fakultetiniň professor-mugallymlarynyňdyr talyplarynyň gatnaşmagynda şeýle işler täzeçe görnüşde ýokary depginde dowam etdirilýär. Gadymy Änew galasyna, Seýit Jemaleddin metjidine, Namazgadepä, Garadepä okuw gezelençleri guralýar. Olaryň taryhy döwürleri, dünýä siwilizasiýasyndaky orny boýunça ýyllyk, diplom, ylmy işler ýazylýar, taslamalar taýýarlanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň taryh ylmyna bahasyna ýetip bolmajak uly goşandy — täze kitaby her birimiz üçin gymmatly gollanma öwrüler — diýip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň müdiri Mähri Perdeliýewa öz çykyşynda belläp geçdi.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasyna aýratyn gadyr goýýan, ony bütin dünýäde tanatmak ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30