Bagtyýar gerçekler bäsleşdiler

669

17-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyp ýigitleriniň arasynda geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry boldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşigiň birinji şerti boýunça talyp ýigitler özleriniň saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş arkaly wasp etdiler. Soňra ikinji şerte laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bilen baglanyşykly türkmen ýigidine mahsus edermenlik, mertlik, ruhubelentlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezýän aýdymdyr sazlar, goşgudyr sahnalar ýerine ýetirildi.
Üçünji şertde bäsdeş ýigitler ýekelikde şorta sözleri şowly ýerine ýetirip, dabaranyň şowhunyny artdyrdylar.
Şeýlelikde, emin agzalarynyň beren utuklaryna laýyklykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Mekan Kurdow bäsleşigiň uniwersitet tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30