Iňlis dili boýunça III halkara internet olimpiadasynda ýeňiş gazandylar

399

2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda iňlis dili boýunça III halkara internet olimpiadasy geçirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary hem bäsleşige işjeň gatnaşdylar. Olar 3 sany 1-nji orna, 7 sany 2-nji orna, 4 sany 3-nji orna mynasyp bolup, diplom bilen sylaglandylar. Ýeňijileriň hatarynda iňlis dili we edebiýaty, italýan dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, ekologiýa hünärleriniň talyplary bar.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30