Magtymguly adyndaky TDU-nyň wekiliýeti Moskwada geçirilen “Uniwersitetler we gelejek” atly halkara forumyna gatnaşdy
54117-nji aprelde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň “Intellektual merkezinde - MDU-nyň fundamental kitaphanasynda” Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň Geňeşiniň Prezidiumynyň giňişleýin mejlisi hem-de “Uniwersitetler we gelejek” atly halkara forumy geçirildi. Halkara çärä Hytaýyň, Wýetnamyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Liwanyň, Omanyň, Saud Arabystanynyň, Efiopiýanyň, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 100-den gowragyndan wekiller gatnaşdy.
Bu çärä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti wekilçilik etdi. Ýurdumyzyň bu ýokary okuw mekdebi 1992-nji ýyldan bäri Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň agzasy bolmak bilen, bu Assosiasiýanyň agzalygynyň, şeýle hem “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň” çäklerinde ylym-bilim babatynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda degişli işleri alyp barýar.
Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň Geňeşiniň Prezidiumynyň giňişleýin mejlisine Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministri W.Falkow, Döwlet dumasynyň ylym we ýokary bilim komitetiniň başlygynyň orunbasary W.Sipýagin, GDA-nyň Baş sekretary S.Lebedew, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Rýabkow, «Rossotrudniçestwo» federal guramasynyň başlygy Ýe.Primakow we beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdylar.
Mejlisde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň rektory, Assosiasiýanyň prezidenti W.Sadowniçiý we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri çykyş etdi. Halkara forumynda çykyş edenler uniwersitetleriň döredilmeginiň adamzat taryhynda möhüm waka bolandygy, hemişe jemgyýetiň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýandygy, olaryň ýaşlara bilim we terbiýe bermekde aýratyn orun eýeläp gelýändigi, ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edýändigi, bütin dünýäde medeni we intellektual merkezlere öwrülendigi barada nygtap geçdiler. Uniwersitetara hyzmatdaşlygy yzygiderli ýola goýmak, işjeňleşdirmek boýunça hem pikir alşylmak bilen, bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmekde uniwersitetleri birleşdirýän guramalaryň, birleşikleriň, assosiasiýalaryň ornuna aýratyn ähmiýet berildi. Hususan-da, şu ýyl döredilenine 35 ýyl dolýan, dünýäniň 11 ýurdundan 160-dan gowrak häzirki zaman uniwersitetleri özüne birleşdirýän Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň işine ýokary baha berildi we bu babatdaky işleri giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekili öz çykyşynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebi bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda talyplaryň okamagy, öwrenmegi, ylmy-barlag işlerini alyp barmagy, sport hem döredijiligiň dürli ugurlary boýunça meşgullanmaklary üçin döredilen ajaýyp mümkinçilikler barada belledi. Şeýle hem, ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, innowasion tehnologiýalar we sanly bilim boýunça tejribe alyşmagyň, medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklary ilerletmegiň ähmiýeti barada nygtap geçdi.
Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasy tarapyndan guralan forumyň çäklerinde ylym-bilim babatynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde ýokary bilim edaralarynyň ornuny artdyrmaga gönükdirilen ikitarapalaýyn hem-de köptaraplaýyn birnäçe resminamalara gol çekildi.