«Magtymguly geçmişimiz, şu günümiz, geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar
52310-njy maýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda Magtymguly etrabynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň ýaş wekilleriniň arasynda geçirilen maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Olar söz ussadynyň ömür-döredijiligi, öwrenilişi, häzirki zaman dünýäsinde we türkmen jemgyýetinde tutýan orny barada many-mazmunly çykyş etdiler.
Etrap merkezinde ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň öňündäki ak öýler bilen bezelen meýdançada ýerine ýetirilen tanslar, ajaýyp döwrümizi wasp edýän joşgunly aýdymlar, türkmen halk döredijiliginden parçalar myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çärä gatnaşyjylaryň dana şahyrymyzyň ýadygärligine gül çemenlerini goýmak dabarasy hem aýratyn ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Çärä gatnaşyjylar muzeýiň eýwanynda giňden ýaýbaňlandyrylan sergä aýlanyp gördüler.
Muzeýiň mejlisler jaýynda ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Maslahatda täsirli çykyşlara orun berlip, dana şahyrymyzyň döredijiligi barada täze pikirler beýan edildi. Umumy mejlis tamamlanandan soňra, maslahat öz işini bölümlerde dowam etdirdi. Ol üç bölümden ybarat bolup, birinji bölüm «Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde akyldar şahyryň edebi keşbi» diýen at bilen «Magtymguly Pyragy» muzeýinde, ikinji bölüm «Pyragynyň waspy ýaşlaryň dilinde» diýlip atlandyrylyp, Magtymguly etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebinde, üçünji bölüm bolsa «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» ady bilen şol etrabyň hassahanasynda geçirildi.