Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri Magtymguly Pyragynyň dogduk mekanynda sylaglanyldy
89311-nji maýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine sowgat gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa ýazyjy-şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Ýeňijiler Hormat hatydyr ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy. Goşgy, hekaýa, oýlanma ýazmak boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň talyplary Toýly Muhammetdurdyýew, Amandursun Annanazarowa, Parahat Batyrow, taryh fakultetiniň talyby Zyýada Ýusubowa hem bar.
Günüň ikinji ýarymynda dabara gatnaşyjylar Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyna baryp gördüler. Bu ýerde Magtymguly Pyraga bagyşlanyp, 1983-nji ýylda döredilen muzeýe guralan gezelenç örän gyzykly häsiýete eýe boldy. Muzeýdäki gymmatlyklar, hususan-da, akyldar şahyrymyzyň hut özüniň uýasy Zübeýda üçin Hindistandan sowgat getiren çäýnegi hem-de Meňli gyza niýetläp ýasan ýüzügi, söz ussadynyň eseleriniň dürli ýyllardaky golýazmalary, daşbasma nusgalary aýratyn ünsi çekdi. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň guran konsertidir sergisi, döredijilik duşuşyklary ýaşlara täsirli pursatlary bagyş etdi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlady.