ÝUNESKO-nyň çäginde Magtymguly Pyragyny öwrenmek boýunça maslahat

408

15-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — umumadamzat mirasy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, aspirantlar, hünärmenler, ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň işjeň agzalary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Şeýle-de maslahatyň işine sanly ulgam arkaly Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahat umumy mejlisde, «Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak boýunça taýsyz tagallalary», «Türkmenistan – ÝUNESKO: Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, agzybirligiň nusgasy», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilmeginiň ylmy ugurlary», «Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň belent edep-terbiýe ähmiýeti», «Akyldar şahyryň döredijiligi – türkmen durmuşynyň aýnasy» atly bölümleriň 5-sinde alnyp baryldy.
Maslahat bilen ugurdaşlykda uniwersitetiň eýwanynda alym Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň türkmen we daşary ýurt dillerinde neşir edilen goşgularynyň ýygyndylarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdym-saz we dutarçylar toparlarynyň aýdym-sazlary, talyplar tarapyndan ýerine ýetirilen edebi-sazly kompozisiýa maslahata özboluşly öwüşgin berdi.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30