Arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň hepdeligi geçirildi
39613 — 17-nji maý aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň «Geçmiş — geljege badalga» atly hepdeligi geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplar işjeň gatnaşdylar.
Ýokary guramaçylyga hem-de ruhubelentlige beslenen hepdelik mynasybetli degişli kafedrasynyň okuw otaglarynyň zolagy talyplar tarapyndan taýýarlanan taryhy kompozisiýalar, diwarlyklar, taslamalar bilen bezeldi.
Hepdeligiň açylyş dabarasynda aýdym-sazlar, taryhy wakalary janlandyrýan sahnalar, degişmeler, goşgular ýerine ýetirildi.
«Öz ülkämiň taryhy» zehin bäsleşigi, «Beýik halkyň taryhy beýikdir» akyl giňişligi bäsleşigi hem talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Paýtagtymyzyň golaýyndaky taryhy-medeni ýadygärliklere guralan gezelençler hem netijeli häsiýete eýe boldy.
Talyplaryň arasynda geçirilen «Gülmek ömürdendir!» atly gülküli sahnalary taýýarlamak bäsleşigi-de şadyýan, şahandaz ýaşlary bir ýerde jemledi.
Änew şäheriniň şu ýyl «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan hepdeligiň ýapylyş dabarasy hem özboluşly çykyşlar bilen jemlendi.