Türkmen dili we edebiýaty boýunça ders bäsleşiginiň jemi jemlendi

1934

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýaty boýunça ders bäsleşigi geçirildi. Ýokary okuw mekdebi tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli guralan bäsleşige paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň hem-de welaýatlaryň umumybilim berýän mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar.
Bäsleşigiň esasy maksady okuwçylarda türkmen dili we edebiýaty dersine höwes döretmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmakdan, ýaşlaryň sözleýiş endiklerini we başarnyklaryny ösdürmäge, kämilleşdirmäge ýardam bermekden, häzirki zaman türkmen dil bilimine degişli ylmy-amaly meseleleri derňemäge ukyply zehinleri ýetişdirmekden, orta we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmakdan ybaratdyr.
Onlaýn görnüşde geçirilen ders bäsleşigine gatnaşyjylara degişli ders boýunça umumy soraglary çözmek üçin 60 minut wagt berildi. Eminler topary jogap berlen sowalnamalary adalatly bahalandyryp, ýeňijileri yglan etdiler. Şeýlelikde, şu aşakdakylar türkmen dili we edebiýaty boýunça geçirilen ders bäsleşiginiň ýeňijileri boldy:

10-njy synp
1.Mametnazarowa Bägül - Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 86-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy I orun;
2.Şöhradowa Mähri - Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy II orun;
3.Nazarowa Güljeren - Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy II orun;
4.Gutlyýewa Nurgözel - Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy III orun;
5.Saparmyradowa Leýli - Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 26-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy III orun;
6.Gulmedowa Mährijemal - Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 26-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy III orun.

11-nji synp
1.Bekgylyjowa Bägül - Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäheriniň takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy I orun;
2.Almazowa Tumar - Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy II orun;
3.Gaýypowa Eneş - Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 26-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy II orun;
4.Şamyradowa Gurbanjemal - Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 26-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy II orun;
5.Atageldiýewa Maýsa - Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 55-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy III orun;
6.Narbaýewa Dilber - Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 55-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy III orun;
7.Geldiýewa Täzegül - Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäheriniň takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy III orun.

11-nji synp (12 ýyllyk)
1.Garýagdagyýewa Gülşat - Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy I orun;
2.Şyhnyýazowa Mähri - Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy II orun;
3.Şirmedowa Suraý - Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy II orun;
4.Merjen Nuryýewa - Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy III orun;
5.Orazmyradow Serdar - Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 81-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy III orun;
6.Artykowa Leýli - Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy III orun.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30