ÝURDUMYZYŇ BILIM IŞGÄRLERINIŇ MASLAHATY GEÇIRILDI
36724-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2023-2024-nji okuw ýylyny jemlemek hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen şygar astynda ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Oňa bilim işgärleri, terbiýeçiler we mugallymlar gatnaşdylar.
Bilim işgärleriniň maslahatynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bilim ulgamyny ösdürmek babatda kesgitlenen wezipeler, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek ugrunda gazanylan netijeler we öňde durýan wezipeler, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ýeten sepgitleri we täze gözýetimleri, bilimiň sanly gurşawyny emele getirmek we innowasion bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugrunda ýerine ýetirilmeli işler, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda okatmagyň usullary hakynda çykyşlar diňlendi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, halky bilimli-sowatly etmek ugrunda nusgalyk işleri alyp baran, çuňňur watansöýüjiligiň göreldesini görkezen, ilhalar ynsan, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň, ýaşan ömründe il-ýurduň asudalygyny, abadançylygyny ähli zatdan ileri gören, ýaşlara bilim-terbiýe bermekde özboluşly mekdep döreden, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýollary, durmuş, okuw-usulyýet tejribeleri ýurdumyzyň ähli bilim işgärleri, şol sanda ýaş mugallymlar üçin özboluşly nusgalyk görelde bolmalydyr.
Maslahat bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň bilim, ylmy-döredijilik, taslama bäsleşiklerinde, olimpiadalarynda we sportda gazanan üstünlikleriniň we milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuwlap, Hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.