Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

328

19-njy sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy Watanymyzyň berkararlygy we halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň kepilidir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisde alyp baryp, bölümleriň 12-sinde dowam etdi. Maslahatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriniň hem-de talyplarynyň jemi ylmy nutuklarynyň 460-a golaýy diňlenildi.
Maslahat bilen ugurdaş Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna degişli ýygyndylaryň, goşgular toplumynyň, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalaryň hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine bagyşlanan taslamalaryň, bilim, ylym we sport işlerinde gazanan üstünlikleriniň sergisi guraldy.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30