QS we THE halkara reýtingler boýunça wideoaragatnaşyk arkaly seminar geçirildi
39519-20-nji sentýabr aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň ERASMUS+ Maksatnamasynyň çäklerinde Özbegistanyň Milli Erasmus+ edarasy, Özbegistanyň ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministrligi (MHESI) we Alişir Nowaýy adyndaky Daşkent dil we edebiýaty döwlet uniwersiteti tarapyndan “Ýokary okuw mekdepleri üçin strategiýa: QS we THE halkara reýtinglerinde ýetilen sepgitler/ Üstünligiň açylyşy: QS we THE reýtingleri boýunça ýokary okuw mekdepleri üçin gözükdiriji” atly wideoaragatnaşyk arkaly seminar geçirildi.
Bu seminary Özbegistanyň Milli Erasmus+ edarasynyň halkara reýting bölüminiň hünärmenleri Aziza Abdurahmanowa, Ellen Hazelkorn, Noziýa Normuradowa we Ilham Abdurahmanow alyp bardylar. Seminara Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzstanyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary we hünarmenleri gatnaşdylar.
Iki gün dowam eden seminarda halkara reýtingleri, ýokary okuw mekdepleri üçin reýtingleriň akademiki ähmiýeti, uniwersitetler üçin global reýtingde döreýän meseleler we mümkinçilikler boýunça möhüm temalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, seminarda ýokary okuw mekdepleriniň çäginde durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi, bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagy, bilimiň sanlylaşdyrylmagy ýaly meselelere hem garaldy.