Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň geňeşçi-ilçisi Hua Zhonga bilen duşuşyk geçirildi

230

24-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň we uniwersitetiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory N.Nurberdiýew ilki bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasaty esasynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda durmuş-ykdysady, medeni ugurlar bilen bir hatarda bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek barada uly üstünlikleriň gazanylýandygy barada nygtap geçdi. Şeýle hem N.Nurberdiýew myhmanlara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryhy, häzirki wagtda hereket edýän fakultetler, kafedralar we olarda dürli ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylyşy, uniwersitetiň gazanan üstünlikleri hem-de häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.
Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň geňeşçi-ilçisi Hua Zhonga doganlyk iki ýurduň arasynda ylym-bilim, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan işler barada aýdyp geçdi we gelejekde hem ylym-bilim babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ähmiýeti barada nygtap geçdi.
Sözüniň ahyrynda hormatly myhman Gahryman Arkadagymyzy, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentini hem-de türkmen halkyny Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30