Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergisi açyldy
2599-njy oktýabrda Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Asylly däbe öwrülip, Türkmenistanda her ýyl giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan bu çäre saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän iri, abraýly forumlaryň birine öwrüldi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen serginiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem-de hormatly ýaşulular bilen bir hatarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary hem gatnaşdylar.
12-nji oktýabra çenli dowam etjek bu sergide ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depgini, Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda ýeten sepgitleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky işjeň gatnaşyklara barha artýan gyzyklanmalary öz beýanyny tapýar.