Daşary ýurtly Magtymgulyşynaslaryň sylaglanyş dabarasy
25710-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini öwrenýän, goşgular ýygyndysyny dürli dillere terjime eden hem-de dünýä ýaýradan daşary ýurtly Magtymgulyşynaslary Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurtly Magtymgulyşynaslary “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany okaldy we dabaraly ýagdaýda daşary ýurtly Magtymgulyşynaslara “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly medallar gowşuryldy.
Soňra Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdym-saz toparynyň taýýarlan konserti bilen dabara dowam etdi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.
Daşary ýurtly Magtymgulyşynaslar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda guralan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Alym Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň, ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamynda gazanan üstünlikleriniň sergisine hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Magtymguly muzeýine aýlanyp gördüler.