Redaktorlar bilen döredijilik duşuşygy

149

5-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbannazar Orazgulyýewiň alyp barmagynda “Garagum” žurnalynyň baş redaktory Soltanýaz Şaýymowyň, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory Rehmet Gylyjowyň we “Biznes reklama” gazetiniň baş redaktory Seýitmyrat Geldiýewiň žurnalistika hünäriniň talyplary bilen “Döwür we žurnalist” atly duşuşygy geçirildi.
Döwürleýin metbugatda Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň şöhlelendirilişi, žurnalistika hünäriniň inçe syrlary, makala, oçerk, habar ýaly dürli görnüşli žanrlaryň ähmiýeti baradaky gyzykly söhbetdeşligiň netijesinde talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar. Halypa žurnalistler ýaşlara kämil žurnalistler bolup ýetişmekleri üçin öz gymmatly maslahatlaryny berdiler.
Duşuşygyň dowamynda uniwersitetiň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary, Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden öz goşgularyny okamaklary gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30