Döredijilik bäsleşigi yglan edilýär!

533

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen “Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasy bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda makala ýazmak boýunça “Döwrüň özgertmeleri — ýaş žurnalistleriň gözi bilen” atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşik ýaşlary ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda, milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik duýgularyny has-da ösdürmek, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsanjyny artdyrmak, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, edebi we taryhy şahsyýetlerimize, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan belent sarpasyny makalalarda beýan etmek maksady bilen geçirilýär. Şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän bu bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleriň mynasyp waspyny ýetirýän, olary çeper beýan etmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Bäsleşige hödürlenilýän makalalarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, şanly seneler mynasybetli ulanmaga berilýän desgalar we olarda alnyp barylýan işler, ýola goýlan önümçilik ugurlary, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti, olaryň many-mazmuny, gazanylýan üstünlikler anyk mysallar arkaly publisistik äheňde açylyp görkezilmelidir. Kärhanalar barada ýazylan makalalar ýörite baryp görlüp, anyk täsirler, maglumatlar esasynda ýazylmalydyr. Zähmet adamlary, jemgyýetiň öňdebaryjylary hakyndaky makalalaryň täsirli, maglumatlara baý, diliniň çeper we şireli bolmagy hökmandyr.
Döredijilik bäsleşigi I we II derejeler boýunça geçiriler. I derejä žurnalistika hünärinde, II derejä bolsa beýleki hünärlerde okaýan talyplar gatnaşyp biler. Awtorlar bäsleşige hödürleýän, öň hiç ýerde çap edilmedik makalasynyň soňunda özleri baradaky maglumatlary, telefon belgilerini hem görkezmelidir. Makalalar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň electron salgysyna (turkmenuniwersitetitdu@gmail.com) ýa-da «Türkmenistan» gazetiniň elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@sanly.tm) iberilmelidir. Olar 10-njy noýabrdan 15-nji dekabra çenli kabul ediler.
Bäsleşige hödürlenen işler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlaryndan we «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň işgärlerinden düzülen eminler topary tarapyndan seljeriler hem-de I we II derejeler boýunça berlen ballaryň esasynda ýeňijiler kesgitleniler.
Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri dekabr aýynyň üçünji ongünlüginde yglan edilip, ýeňijiler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan I, II, III derejeli diplomlar, tapawutlanan makalalaryň awtorlary höweslendiriji Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanylar.

Bäsleşigiň düzgünnamasyny şu ýerden ýükläň.



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30