“Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyndaky orny” atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi

171

8-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyndaky orny” atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi.
Ylmy-döredijilik maslahatyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk mekdebiniň, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary we ylmy işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda Gündogaryň beýik akyldary we nugsawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynda berkarar Watan, ynsan, jemgyýet baradaky garaýyşlary, öwüt-nesihat temalaryndan çykyşlar diňlenildi. Şonuň ýaly-da, çykyş edenler şahyryň edebi mirasynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşulýandygy, TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan etmek hakyndaky taryhy çözgüdiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky (ÝUNESKO) guramasynyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmeginiň taryhy ähmiýetini nygtap geçdiler.
Maslahat bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndylarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan kitaplarynyň, milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň we talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň sergisi guraldy.
Ylmy-döredijilik maslahatyna gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly taryhymyzy, meşhur şahsyýetlerimizi, milli mirasymyzy hem-de ýurdumyzda ylmy-bilimi ösdürmek, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30