Ylym-bilim kämillik ýolunda

509

Ýaş nesliň bilim almagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanýan döwründe ylym-bilim tutuş dünýäniň iň çalt depginler bilen ösüşini äşgär etdi. 2015-2016-njy okuw ýylynda hytaý diliniň ýokary okuw mekdeplerinde we orta mekdeplerde daşary ýurt dili hökmünde öwredilip başlanmagy bilen, häzirki wagtda hytaý dili mugallymlarynyň gatnaşmagynda hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň iş maksatnamalary kämilleşdirilýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Sin Szýan uniwersitetiniň arasynda talyplary alyş-çalyş etmek hakynda ylalaşyk baglaşmak bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar.
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň çagyrmagy bilen ýurdumyzyň hytaý dili okadylýan ýokary okuw mekdepleriniň we orta mekdepleriniň mugallymlaryndan, talyplaryndan hem-de okuwçylaryndan ybarat bolan wekiliýet bilen, 2018-nji ýylyň 19-28-nji oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin we Uhan şäherlerinde tanyşlyk sapary ýola goýuldy. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 28-inden noýabr aýynyň 14-i aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili we edebiýaty hünäriniň mugallymy Agamyrat Allagulyýew Hytaý Halk Respublikasyna okuw saparyna ugradyldy.
Bu başlangyç türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň baý taryhy tejribesine daýanmak, häzirki wagtda özara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy Türkmenistana we Hytaýa bu iki strategiýanyň durmuşa geçirilmegi, olaryň utgaşdyrylmagy, biri-biriniň üstüniň ýetirilmegi babatda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berer.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30