Beýik Britaniýanyň Britan Geňeşiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

234

12-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Britan Geňeşiniň Özbegistan we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory hanym Denis Wadinham, Beýik Britaniýanyň Dil bilimi boýunça Norwiç institutynyň taslama-maslahatçysy Wendi Kolsen bilen uniwersitetiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory D.Annaýew ilki bilen uniwersitetiň taryhy, hereket edýän fakultetler we hünärler, daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça alnyp barylýan işler, bu ugurda bilim bermegiň usulyýeti, uniwersitetde halkaralaşmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.
Soňra Britan Geňeşiniň Özbegistan we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory Denis Wadinham we Beýik Britaniýanyň Dil bilimi boýunça Norwiç institutynyň taslama-maslahatçysy Wendi Kolsen Britan Geňeşiniň alyp barýan işleri barada gürrüň berip, iňlis dilini öwretmegi kämilleşdirmek boýunça maksatnamalar, pedagoglary taýýarlamagyň ugurlary barada, hususan-da, olary orta mekdeplerde mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň ähmiýeti barada belläp geçdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory D.Annaýew Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiz tarapyndan hoşniýetli daşary syýasatyň esasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen daşary ýurtlaryň ençeme ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk işleriniň alnyp barylýandygyny, uniweristetde beýleki hünärler bilen bir hatarda iňlis dili we edebiýaty hünäri boýunça talyplara nazary bilim bilen bir hatarda amaly, şonuň ýaly-da, tejribelikler arkaly ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny, iňlis dili we edebiýaty hünäri boýunça bilim alýan talyplary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde daşary ýurt dillerini öwretmegiň usulyýetiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigini belläp geçdi. Hususan-da, Beýik Britaniýanyň Oksford, Kembrij uniwersitetlerinde dil öwretmekdäki usulyýetleriniň öwrenilýändigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda Beýik Britaniýanyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly sorag-jogaplar alşyldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30