Türkmen talyplary matematika dersi boýunça halkara bäsleşiginde ýokary netije görkezdiler
405Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirýän ylym-bilim özgertmeleri özüniň oňyn netijesini berýär. Biz muňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle-de döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde, halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda talyplaryň görkezýän ýokary netijelerinden hem aýdyň göz ýetirýäris.
Talyplar ýylyň-ýylyna döwlet derejesinde, şeýle-de halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşikleriniň ençemesine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde 2024-nji ýylyň 7-10-njy noýabry aralygynda geçirilen matematika dersi boýunça halkara bäsleşigine gatnaşyp, uly üstünlik gazandylar. Matematika dersi boýunça geçirilen halkara bäsleşiginde talyplarymyz 26 sany baýrakly orunlara, şol sanda şahsy bäsleşikde – altyn medallaryň – 6-syna, kümüş medallaryň – 9-syna, bürünç medallaryň – 11-sine şonuň ýaly-da, toparlaýyn bäsleşikde 1 kümüş, 3 sany bürünç medallara mynasyp boldular.
Matematika dersi boýunça halkara bäsleşigi Angliýa, Awstriýa, Şweýsariýa, Polşa, Slowakiýa, Sloweniýa, Wengriýa, Özbegistan we Türkmenistan ýaly döwletleriň 9-synyň 35 sany ýokary okuw mekdebinden 160-a golaý talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Bu halkara bäsleşigine ýurdumyzyň 10 sany ýokary okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşdylar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 3 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç medallara, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary 2 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç medallara, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary 1 altyn, 1 bürünç medallara, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary 2 kümüş medala, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary 1 kümüş, 2 bürünç medallara, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary 1 kümüş, 2 bürünç medallara, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary 1 kümüş medala, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary 2 bürünç medala, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary 1 bürünç medala, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby 1 bürünç medala, mynasyp boldular.
Toparlaýyn bäsleşikde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň topary kümüş medala, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary bürünç medala, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikdäki topary bürünç medala, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň bilelikdäki topary bürünç medala mynasyp boldular.
Ýokary guramaçylyk derejesinde geçen matematika dersi boýunça halkara bäsleşiginde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gazanan bu ajaýyp üstünlikleri Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim syýasatynyň has-da dabaralanýandygyny we onuň halkara derejesine çykýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.