Nusaý ýadygärlikler toplumyna gezelenç

225

Berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen halkynyň şöhratly taryhy, taryhy we merdana şahsyýetleri, milli mirasymyz köptaraplaýyn öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredildi. Bu ajaýyp gymmatlyklar türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyny öwrenmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyzyň maddy we ruhy-medeni gymmatlyklary halkara abraýly guramalarynyň sanawlarynda mynasyp orna eýe bolup durýar. Şeýle maddy gymmatlyklaryň biri Parfiýa şalygynyň Nusaý galalarydyr.
Günüň ikinji ýarymynda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynyň we “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyjylar üçin “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki Nusaý ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy. Gezelençde myhmanlara Köne we Täze Nusaýyň çäklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhyna degişli baý ylmy maglumatlara eýe bolan ýüzi ýazgyly küýze bölekleri (ostrakonlar), ritonlar, teňňeler we beýleki tapylan gymmatlyklar barada gürrüň berildi. Hususan-da, Nusaý galalalarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça (ÝUNESKO) guramasy tarapyndan 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini bellenilip geçildi. Gezelenjiň çäklerinde halkymyzyň şöhratly taryhy bilen bagly taryhy-medeni gymmatlyklaryň adamzat medeniýetine goşan mynasyp goşantlary, häzirki zaman şertlerinde halklaryň arasynda dost-doganlygy, parahatçylygy pugtalandyrmakdaky hyzmaty barada nygtaldy.
Himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasyna we “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamyny we ýaşlar syýasatyny ösdürmek bilen, häzirki zaman şerlerine laýyklykda bilimiň we ylmyň hil hem-de mazmun derejesini halkara derejesinde dabaralandyrmakda durmuşa geçirýän tutumly işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine jan-saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowana ýollarda üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30