Daşary ýurtly myhmanlar paýtagtymyzyň muzeýlerine gezelenç etdiler

168

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda geçirilýän Himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasyna we halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga gelen daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç etdiler.
Mälim bolşy ýaly, dünýäniň ençeme döwletlerinden bu halkara olimpiada gatnaşmaga gelen talyplardyr professor-mugallymlar üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanylyp, myhmanlary «Nusaý» taryhy-medeni ýadygärligi, paýtagtymyzyň gözel ýerleri we muzeýleri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutuldy.
Döwlet muzeýinde daşary ýurtly myhmanlar halkymyzyň baý geçmiş taryhy, medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle-de, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklary, häzirki wagtda Diýarymyzyň gazanýan ösüşleri baradaky maglumatlar olarda uly täsir galdyrdy. Türkmen halysynyň milli muzeýinde bolsa ene-mamalarymyz tarapyndan döredilen bu inçe sungatyň taryhy, meşhur türkmen halylary, äpet halylar, olaryň dokalyş aýratynlyklary, halyçylykdaky däp-dessurlar barada giňişleýin maglumat aldylar.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30