«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň täze sany çykdy
385«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň bu gezekki täze sany Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň täzelikleri bilen bagly bolup, onda uniwersitetimiziň mugallymlarydyr talyplarynyň ýazan makalalary ýerleşdirildi. Ol makalalaryň mazmunynda 25-30-njy noýabr aralygynda geçirilen himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiada şeýle-de olimpiadanyň çäginde geçirilen «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly ylmy-amaly maslahaty şöhlelendirildi. Gazetiň täze sanynyň mazmunyny açyp görkezýän suratlar bilen bezelmegi onuň has-da täsirliligini artdyrdy.
19/06/2026
Ylmy-amaly maslahat
17/06/2026
Aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi
16/06/2026