Dabaraly çäre geçirildi

148

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmeginiň 7 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň guramaçylyk-hukuk binýady boldy.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamynda üç dili öwretmek boýunça syýasatyny durmuşa geçirmekde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň alyp barýan işleri dogrusynda, ýagny dil Konsepsiýasynyň çäginde dil syýasatyny durmuşa geçirmekde daşary ýurt dillerini okatmak boýunça täze tehnologiýalary we tehniki serişdeleri okuw işinde giňden ulanmak hem-de olary döwrebap maglumat gorlary bilen yzygiderli üpjün etmek, daşary ýurt dillerini okatmak boýunça dünýäniň abraýly okuw mekdepleriniň tejribeleriniň, olaryň usuly gollanmalarynyň öwrenilendigini, elektron sözlükleriniň, daşary ýurt dillerinde türkmen halk ertekileri boýunça kitapçalaryň taýýarlanylandygy barada aýtdylar.
Dabarada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusynyň esasynda aýdym, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» edebi-sazly kompozisiýa hem-de daşary ýurt dillerinde aýdymlar, uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň «Diýar» tans topary tarapyndan «Dostluk» tansy, türkmen we iňlis dillerindäki Magtymgulynyň «Gözel Şirgazy» goşgusyny ýerine ýetirdiler.
Çärä gatnaşyjylar berkarar Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barmakda, ylmy-bilimi ösdürmekde we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmakda, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary berkitmekde alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözlerini beýan etdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30