“Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynda seminar-trening geçirildi

114

Ýakynda “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynda bu kafedranyň agza mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda seminar-trening geçirildi. Seminarda ÝUNESKO kafedralarynyň tejribesi bilen tanyşmaklyk, “Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: Diwany lugat at-türk eseriniň 950 ýyllygy” atly ylmy maslahat we kafedranyň alyp barýan ylmy işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Seminar-treningiň birinji bölüminde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň, Belorussiýa Respublikasynyň Minsk Döwlet lingiwistik uniwersitetiniň “Dilleri öwrenmek arkaly parahatçylyk we raýat jemgyýeti” atly ÝUNESKO kafedrasynyň we Belorussiýa Döwlet uniwersitetiniň A.D.Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa institutynyň “Radiasiýa we daşky gurşawyň menejmenti” atly ÝUNESKO kafedrasynyň alyp barýan işleri hem-de bu kafedralaryň agza mugallymlarynyň we talyplarynyň ylmy barlaglary barada çykyşlar diňlenildi.
Seminar-treningiň 2-nji bölümi 2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçen “Leksikografiýada dünýäniň kartografiýasy: “Diwany lugat at-türk eseriniň 950 ýyllygy” atly ylmy maslahaty barada boldy. Maslahatyň işine gatnaşan “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri B.Diwangulyýewa maslahatyň işi we özüniň “Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany” türkmen etnografiýasy barada çeşme” atly ylmy çykyşy barada gürrüň berdi.
Seminar-treningiň dowamynda mugallymlaryň we talyplaryň dykgatyna degişli prezentasiýalar, ylmy maslahatyň ýygyndysy we beýleki görkezme esbaplar hödürlenildi.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30