Uniwersitetiň ylym bölüminiň esasy hünärmeni A.Buşmakiniň 90 ýaşy bellenildi

205

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylym bölüminiň esasy hünärmeni, geologo-mineralogik ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Buşmakiniň 90 ýaşynyň dolmagy mynasybetli «Ussatlar taryhyň kämil ýazary, mydam ussatdadyr döwrüň nazary» atly dabaraly çäre geçirildi. Oňa halypa alymyň şägirtleri, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Çynar Rüstemowa çykyş edip, A.Buşmakiniň uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda geologiýa ylmynyň ösmegine uly goşant goşandygyny belledi hem-de alymy tüýs ýürekden gutlady. Alymyň ÝUNESKO-nyň tebigaty goramak bilen baglanyşykly maksatnamalaryny durmuşa geçirmekdäki tagallalary bellärliklidir. Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda A.Buşmakin uniwersitetiň «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasyna agzalyga kabul edildi.
Halypa alymy ýubileýi bilen uniwersitetiň ýolbaşçylar düzümi, köp ýyllaryň dowamynda bile zähmet çeken kärdeşleri, talyp ýaşlar mähirli gutladylar. Soňra A.Buşmakiniň özi çykyş edip, Berkarar döwletimizde ylym bilen meşgullanmak üçin döredilýän mümkinçilikler, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen dikeldilen halypa-şägirtlik ýoly barada belledi. Şeýle-de gadyry bilinýän döwürde ýaşaýandygyna buýsanýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Dabaranyň dowamynda A.Buşmakiniň köpýyllyk zähmet ýoly barada gürrüň berýän wideorolik görkezildi. Şeýle-de ýokary okuw mekdebimiziň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň höwesjeň talyplarynyň taýýarlan çykyşlaryna giň orun berildi.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30